Mazmuna geçiň

Stambul

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Stambul (Türkçe: İstanbul, Istanbul), Türkiýäniň we Yewropa kontinentiniň iň beýik şäheridir. Hem Aziýa'da hem Ýewropa'dadyr. Ilaty 2021-de 15,46 milliondyr. Şol bir atly Stambul welaýatynyň merkezidir.

Etimologiýa we Atlar

[düzet | çeşmäni düzet]

"Stambul" ady grek dilindeki "eis tin poli" (εις την πόλιν) sözünden gelýär. Söz "şäherde, şäher ortasy" ýaly manylara geler. Ligos, Wizantion, Nova Roma, Kostantinopolis, Kostantiniýýe, Yslambol adlary bilen hem tanalýardy.

Bu ýerdäki iň gadymy ýaşaýyş yzy 8500 ýyl mundan ozala degişlidir. Rim, Wizantiýa we Osmanly imperiýalaryna paýtagt bolupdur. 1453-nji ýylyn 29-njy Maýynda Osmanlylardan II. Mehmed şäheri alypdyr. Stambul 2500 ýyl imperiýalara paýtagt bolup we 1923-nji ýylyň 13-nji Oktyabryňda paýtagtlyk Ankara şäherine geçirildi. Stambul 1984 ýylynda Ankara we Izmir bilen beyikşäher derejesine ýokarlandy.

Stam­bul şä­he­rin­dä­ki il­kin­ji ga­zet 1831-nji ýy­lyň 1-nji aw­gus­tyn­da “Tak­wi­mi We­ka­ýi” ady bi­len türk dilinde ne­şir edil­di.